7 sany iň täsin küşt rekordlary
Rekortlar bizi belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Küştüň baý mirasy birnäçe 10 ýyllyklar boýunça dowam eden we ýene birnäçe asyrlap durup biljek rekordlara eýedir.
Küşt taryhyna giren iň täsin rekordlardan 7 sanysy:
Iň köp bassyr ýeňiş: Dünýä çempiony Bobi Fişer - 20 (ýa-da 19) oýun
Ussatlar derejesindäki küştde iň köp bassyr ýeňiş rekordynyň eýesi Bobi Fişer. | Surat: Wikipedia.
Boris Spassky-a garşy duşuşygy bilen netijelenen titul ylgawynda Bobi Fişer ýokary derejeli ýaryşlarda 20 ýeňiş gazandy. Ol bu ylgawyna Palma DeMallorca 1970 sebitleýin bäsleşiginde bassyr 7 ýeňiş gazanmak bilen başlady. Oscar Panno oýnamak ýüz öwürendigi üçin käbir küşt taryhçylary bu oýuny hasaba almazlyga karar berýär.
1971-nji ýylda dowam eden Dalaşgärler duşuşyklarynda Fişer, Mark Taimanow we Bent Larseniň ikisinem 6-0-lyk kämil hasap bilen ýeňdi. Tigran Petrosiana garşy ilkinji oýundaky ýeňiş bu bassyr ýeňişlere nokat goýan 2-nji oýundaky ýeňliş bilen dowam etdi.
Bobi Fişer Petrosian we Boris Spassky ikisinem täsirli ýeňişler bilen ýeňip dünýä çempiony boldy.
Mertebeli ýatlamalar:
- Dünýä çempiony Bobi Fişer - 1963-64 ABŞ çempionatynda 11/11 ýeňiş
- GM Fabiano Karuana - 2014 Sinkfild kubogynda 7 ýeňiş
Iň uzyn utulmazlyk seriýasy: Dünýä çempiony Mihail Tal - 95 oýun
Mihail Tal: iň uzyn utulmazlyk seriýasynyň rekordynyň eýesi. | Surat: Wikipedia.
Mihail Tal özüniň Mihail Botwinnige garşy 1960-njy ýyldaky dünýä çempionlygy duşuşygynda bütinleý sergilenen döredijilikli täri bilen şöhrat gazanypdy. Ol duşuşykda ýeňiş gazanmak bilen ol taryhdaky başga bir rekorda ýetipdi: iň ýaş çempion - 23 ýaşynda, bu rekord Garry Kasparow 1985-nji ýylda 22 ýaşyndaka Anatoli Karpowdan üstün çykmagyna çenli saklanypdy.
Talyň karýerasyna onuň saglyk problemalary saýa düşüripdi we onuň durnuksyz çykyşy kimileriniň onuň soňky ýyllardaky ynanylmaz ýyllaryny gözden gaçyrmagyna sebäp bolup biler. 1973-nji ýylyň 23-nji oktýabry we 1974-nji ýylyň 16-njy oktýabry aralygyda ol 95 oýun boýunça ýeňilmedi, bu başga hiç bir oýunçynyň ýakynyna hem ýetip bilmedik üstünligidir.
Mertebeli ýatlamalar:
- Mihail Tal (ýene-de!) - 07.1972 - 04.1973 arasynda 85 oýun
- Dünýä çempiony Hose Raul Kapablanka - 10.02.1916 - 21.03.1924 arasynda 63 oýun
Iň uzyn wagt çempionlygy goran: Emanuel Lasker - 27 ýyl
Emanuel Lasker - iň köp höküm süren dünýä çempiony. | Surat: Wikipedia.
1984-nji ýylda Wilgelm Ştaýnits-y ýeňmegi bilen ol taryhdaky 2-nji çempion bolupdy. Ol 1921-nji ýylda Hose Raul Kapablankadan utulýança çempionlygy gorady. 1930-njy ýyllara çenli elit bäsleşiklerde çykyş etmäge dowam etdi. Köplenjine Laskeriň höküminiň uzynlygynyň sebäbi hökmünde 1-nji Jahan urşynyň Rubinştaýn we Kapablanka garşy niýetlenen oýunlarynyň soňa süýşürilmegi görkezilýär. Ol ýyllary hasapdan çykarsak hem Laskeriň çempionlyk ýyllary beýleki islendik bir çempiona garanda has uzyn.
Mertebeli ýatlamalar:
- Dünýä çempiony Garri Kasparow - 1985 - 2000-nji ýyllar arasynda 15 ýyl
- Dünýä çempiony Mihail Botwinnik - 1948 - 1963-nji ýyllar arasynda bassyr däl 13 ýyl
Ýetilen iň beýik ELO baly: Dünýä çempiony Magnus Karlsen - 2882
Ähli wagtlaryň iň ýokary reýtingli küştçisi Dünýä çempiony Magnus Karlsen. | Surat: Maria Emelianowa.
Magnus Karlsen bu yzy 2014-nji ýylyň Maý aýynda FIDE sanawlarynda galdyrypdy. Gaýryresmi ýagdaýda ol hasam belent sepgide ýetipdi 2889 bal bilen janly sanawlarda. Kimiler bu rekordlaryň reýting inflýasiýasy zerarly manysyzdygyny öňe sürýär emma Chess.com-yň derňewi küşt ukybynyň wagtyň geçmegi bilen ösýändigini görkezýär.
Şu ýazgy ýazylýan wagty diňe 12 oýunçy 2800 reýtingini geçipdi. Karlsen 2900-e ýakynlaşan ýeke-täk oýunçydyr.
Mertebeli bellikler:
- Dünýä çempiony Garri Kasparow - 1999-njy ýylyň Iýulynda 2851 ELO
- GM Fabiano Karuana - 2014-nji ýylyň oktýabrynda 2844
Iň ýaş grandmaster: GM Sergeý Karýakin - 12 ýaş 7 aý
Taryhdaky iň ýaş grandmaster GM Sergeý Karýakin. | Surat: Maria Emelianowa.
Karýakin, şu neşir taýynlanýan wagty, dünýädäki 12 ýaşynda Grandmaster titulyny gazanan ýeke-täk küştçidir. Karýakin özüniň ilkinji çempionlyk duşuşygy tejribesini 12 ýaşyndaka gazandy, ol Ruslan Ponomariowyň Wasili Iwançuga garşy FIDE dünýä çempionaty duşuşygynda asistany hökmünde ýardam berdi.
2016-njy ýylda Karýakin Magnus Karlsen bilen duele çykmak arkaly özüniň dünýä çempionlygyndaky ilkinji synanşygyny başdan geçirdi. Oýun 12 klassik oýunda her oýunçynyň bir ýeňiş gazanmagy bilen 6-6 deňlikde tamamlanan duşuşykdan soňra Çalt taý-breýkler arkaly Karlseniň bähbidine tamamlanypdy.
Mertebeli ýatlamalar:
- Dünýä çempiony Bobi FIşer - 1958-nji ýylda 15 ýaş 6 aý 1 gün
- GM Judit Polgar - 1991-nji ýylda 15 ýaş 4 aý 28 gün
Iň köp birwagtly oýunlar: GM Ehsan Gaem Magami - 604 oýun
Iň köp birwagtly oýunlar boýunça rekortçy GM Ehsan Gaem Magami. | Surat: Wikipedia.
Birwagtly oýunlar sergisi şol bir wagt özünde birnäçe garşydaşa garşy oýnalýan oýunlar toplumydyr. Adatça oýunçylar bir hatarda ýa-da tegelek ýagdaýda oturýärlar we master oýunçylara aýlanyp her oýunça garşy göçümini amala aşyrýar.
9 gezek Eýran çempiony Ehsan Gaem Magami aklyňy haýran edýän 604 garşydaşa garşy birwagtly oýun oýnamak bilen iň köp birwagtly oýunlar rekordynyň eýesi boldy. Ol Eýranyň Tähran şäherinde geçen sergide 580 oýunda ýeňiş gazandy, 16 oýunda deňlik gazandy we 8 oýunda utuldy. Bu sergi 2011-nji ýylyň 8-9-njy fewralynda Şahid Beheşti uniwersitetiniň sport stadionynda bolup geçdi.
Mertebeli ýatlamalar:
- Sýuzan Polgar- 2005-nji ýylda 326 garşydaşa garşy 309 ýeňiş, 14 deňlik we 3 utulyş
- Hose Raul Kapablanka - 1922-nji ýylda 103 garşydaşa garşy 102 ýeňiş 1 deňlik
Iň köp gözýumulgy birwagtly oýunlar: GM Timur Garaýew - 48 oýun
Gözýumulgy birwagtly oýunlar rekortçysy Timur Garaýew. | Surat: Maýk Klaýn.
Küştdäki iň gowy başarnyklardan biri hem gözýumulgy oýnamakdyr. Gözýumulgy oýunlarda oýunça küşt tagtasyna seretmäge rugsat berilmeýär. Göçümler küşt notasiýasy arkaly ýetirilýärkä oýunçylar pozisiýany aňynda janlandyrmalydyr. Birwagtly gözýumulgy sergilerde sergiçi ähli oýunlaryň pozisiýasyny şol bir wagtyň özünde ýadynda saklamalydyr, bu haýran galdyryjy küşt ukyby we üns jemlenmesidir.
Timur Garaýew 2016-njy ýylyň 3-4-nji dekabrynda şol bir wagtyň özünde 48 oýunça garşy oýnamak bilen täze dünýä rekordyny goýdy. Ol bu oýunlarda 35 ýeňiş, 7 deňlik we 6 utulyş gazandy. Chess.com-yň bu dünýä rekordy synanşygyndaky hasabaty arkaly bu tejribäni gaýtadan başdan geçiriň.
Mertebeli ýatlamalar:
- FM Mark Lang - 2011-nji ýylda 46 garşydaş
- GM Miguel Naýdorf - 1947-nji ýylda 45 garşydaş
Öz rekortlaryňyzy goýmaga höweslendiňizmi? Chess.com-da bugünüň özünde hasap dörediň we küşt öwrenmäge başlaň!