Makalalar
Küştde nädip ökdeleşmeli

Küştde nädip ökdeleşmeli

CHESScom
| 116 | Öwrenjeler üçin

Dünýäniň ähli künjeginden millionlarça adam her gün küşt oýnaýar, siz nädip ökdeleşip bilersiňiz?

IIne, küştde ökdeleşmek üçin etmeli zatlaryňyz:

1. "Küştde ökdeleşmek" nämedigini kesgitläň. 
Käbir adamlar üçin küştde ökde bolmak ortaça küştçileri ýeňip bilmek. Eger-de siziň kesgitlemäňiz şo bolsa onda 1200-1400 reýtinge ýetmek ýeterlikdir siziň üçin. O derejä ýeteňizde siz diňe her wagt küşt oýnaýanlaryň aglabasyny ýeňersiňiz. Başga adamlar üçin "küştde ökde bolmak" bolsa birnäçe ýyl bäri küşt oýnaýanlary ýeňmekdir. Bu hem 1600 reýtingden ýokary çykmak diýmek bolup biler.

Ýene käbir adamlar üçin bolsa bu "hiç wagt ýeňilmezlik" ýa-da "oýnaýan ähli kişisini ýeňmek diýen ýaly." Hakykat-da bolsa bu mümkin däl! Siz Magnus Karlsen däl bolsaňyz onda siz utarsyňyzam-utularsyňyzam. Diýmek, belli bir maksat goýuň we şoňa ymtylyň!

2. Taktiki tapmaçalar çözüň

Küşt-de ussatlaşmak üçin edip biljek iň gowy zatlaryňyzdan biri oýunda wizionyňyzy giňeltmekdir. Nämeler bolup geçýändigini we garşydaşyňyzyň ýagdaýyndaky ýalňyşy aňyp bilýän bolsaňyz onda ýeňiş üçin siziň has köp mümkinçiligiňiz bar. Taktiki ukybyňyzy taktiki tälimçimiz bilen ösdürip bilersiňiz.

3. Oýunlaryňyzy hemişe kompýuter derňewi bilen gözden geçiriň. 

Oýunlaryňyza gaýta göz gözdirmän oýnasaňyz küştde ökdeleşmek gaty kyndyr. Küştde ussatlaşmak sizden oýunlaryňyzy öwrenmäge we nirede ýalňyşandygyňyzy görmäge bir esas hökmünde ulanmagyňyzy talap edýär. Chess.com size nähili oýnandygyňyz barada garaýyş berip biljek awtomatiki kompýuter derňewini teklip edýär.

Her bir oýundan soňra diňe "Kompýuter derňewi" düwmesine basmak ýeterlikdir.

4. Türgenleşik meýilnamasy düzüň. 

Bir meýilnamaňyz bar bolsa we oňa berk eýerseňiz siz hemişe ýeňme mümkinçiligiňizi artdyrarsyňyz. Siz öz meýilnamaňyzy we rejäňizi döredip bilersiňiz ýa-da Chess.com-yň mugt tälim meýilnamasyny ulanyp bilersiňiz.


5. Sabyrly boluň.
 

Küştde ökdeleşmek bir gije-de amala aşýan däldir. Küşt birnäçe ýyllyk tälim we türgenleşik talap edýän ägirt uly oýundyr. Ýalňyşlaryň we ýeňilişleriň sizi umytdan düşürmesine rugsat bermäň - ökdeleşmegiň möhüm parçasydyr olar!

Köp adamlar üçin küştde ökdeleşmek bir ömürlik maksatdyr. "Ökdeleşmegiň" kesgitlemesi hem olar üçin beýgelýändir olar ökdeleşdigiçe. Haýsy dereje-de bolsaňyzam oýundan lezzet alyň.

Ökdeleşmegiňiz üçin onlaýn bir ýer gözleýän bolsaňyz onda Chess.com-a agza bolup häziriň özünde.

CHESScom agzadan has köp
Naýbaşy 10 küşt duzagy

Naýbaşy 10 küşt duzagy

Dünýäde näçe sany küştçi bar?

Dünýäde näçe sany küştçi bar?