Makalalar
Küşt oýnuny nähili gurnamaly

Küşt oýnuny nähili gurnamaly

CHESScom
| 60 | Öwrenjeler üçin

Küşt oýnuny gurnamak aňsatdyr. Asyl kyn zat oýnamakdyr.

Ine nähili gurnamalydygy barada.

Ädim 1: Oýnamaga ýer saýlaň. 
Ýakynyňyzdaky dostuňyz bilen fiziki tagtada oýnamak isleýäňizmi? Ýa-da millionlarça onlaýn adamlardan biri bilen oýnamak isleýäňizmi? Her iki ýagdaý hem mümkindir!

Hakyky tagtada oýnamak üçin size küşt gurallary gerek bolar. Onlaýn oýnamak üçin bolsa Chess.com-a agza bolmak ýeterlikdir (bu tölegsizdir).

Ädim 2: Küşt tagtasyny gurnaň. 

Oýuna başlamankaňyz küşt tagtasyny düzmek gerek bolar size. Öwrenmäge täze başlan bolsaňyz onda nähili düzmelidigini berk öwreniň. Onlaýn oýnamakçy bolsaňyz onda bu siz üçin eýýäm düzelen ýagdaý-da bolar

Ädim 3: Garşydaş saýlaň. 
Öýüňizde oýnaýan bolsaňyz onda dostlukly ýagdaý-da teklip edip bilersiňiz kimdir birine. Onlaýn oýnamakçy bolsaňyz onda siz ýa-ha çem gelen biri bilen oýnap bilersiňiz ýa-da bir dostuňyza teklip edip bilersiňiz. Iň gowy oýunçy ýeňsin!

Ädim 4: Ilkinji göçümiňizi göçüň. 

Oýun başlan bolsa ilkinji göçüm üçin wagt gelendir. Nähili göçmelidigini bilmeýän bolsaňyz küşt düzgünleri makalamyzdan peýdalanyp bilersiňiz. Oýnamagy bilýän emma açylyşlary bilmeýän bolsaňyz öwrenjeler üçin iň gowy açylyşlar baradaky bu makalamyzdan peýdalanyp bilersiňiz.

Ädim 5: Gowy garşydaş boluň.
Kimdir birine garşy oýnaýakaňyz altyn düzgüne eýermegi unutmaň. Ody özüňe bas ötmese kesekä. Eglenmek, oýuny ir terk etmek ýa-da erbet zatlar diýmek hem muňa degişlidir. Pähimli garşydaş bolsaňyz oýunyň (we dünýäniň) has gowy ýer bolmagyna goşant goşarsyňyz.

Bir küşt oýuny gurnamak üçin amatly ýer gözleýän bolsaňyz Chess.com-a geliň.

CHESScom agzadan has köp
Naýbaşy 10 küşt duzagy

Naýbaşy 10 küşt duzagy

Dünýäde näçe sany küştçi bar?

Dünýäde näçe sany küştçi bar?