Küşt tagtasyny nähili düzmeli
Küşt toplumyňyz bar bolsa we oýuna başlamak isleýän bolsaňyz etmeli ilkinji zadyňyz tagtany dogry görnüşde düzmekdir.
1-nji ädim: Sag-aşak burçyna açyk reňkli (ak) öýjük geler ýaly ýerleşdiriň tagtany.
Iki tarap hem dogry düzülmegi üçin tagtany dogry şekilde ýerleşdirmek wajypdyr. Muny ýatda saklamagyň amatly ýoly "ak öýjük sag tarapa."
2-nji ädim: Pyýadalary ikinji hatarda düzüň.
Pyýadalary ilki ýerleşdirmek galan çöpleri aýyrt etmegi aňsatlaşdyrar size.
3-nji ädim: Ruhlaryňyzy burçlara ýerleşdiriň.
Ruhlaryňyzy burçlara ýerleşdirmelidigiňiz mälimdir hakyky galalardaky diňler mysaly.
4-nji ädim: Atlaryňyzy ruhlaryň ýanyna ýerleşdiriň.
Hakykatdanam atlary ýerleşdirmelisiňiz diýip pikir ediň, olary wezirden we şadan uzak tutmak islemezmisiňiz.
5-nji ädim: Piller atyň ýanynda durýar.
Piller at we şa/wezir arasynda durýandyr. Olary hem atyň ýanyna ýerleşdiriň.
6-njy ädim: Weziriňiz öz reňkindäki öýjükde durmalydyr.
Weziriňiz haýsy öýjükdediginiň tapawudy bardyr. Muny ýatda saklamagyň aňsat ýoly wezir öz reňkindäki öýjügi isleýändigidir. Ak wezir açyk(ak) reňkli öýjükde, gara wezir doýgun (gara) reňkli öýjükde.
7-nji ädim: Şaňyzy iň soňky öýjüge ýerleşdirdiň.
Bu nokatda diňe ýekeje boş öýjük galar, diýmek şaňyz bu öýjüge ýerleşmeli.
8-nji ädim: Unutmaň, aklar birinji göçýändir.
Küştde aklar hemişe birinji bolup göçýändir. Islendik bir bije görnüşi bilen kimiň ak kimiň gara bolup oýnajakdygyny saýlap bilersiňiz. Bir usul: aýaňyza ak pyýada goýup arkaňyzda gizlemekdir we garşydaşyňyza saýlatmakdyr.
Taýyn oýun isleseňiz Chess.com-da siziň üçin taýyn tagta bardyr!