FM Babageldi Annaberdiýew agzamyz bilen küşt we küşt älemi hakda söhbetdeş bolduk, paýlaşmagyma rugsat berdi. Sizlerem soraglaryňyz bolsa soraberiň, elinden geldigiçe kömek etmekçidigini aýtdy. Babageldi aga professional küşt hünärmenti, soraglaryňyza mümkin boldukça takyk jogap berip biljek tejribä eýe. Söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirýän öňünden.
Ilki bilen Babageldi aganyň özi bilen tanyşalyň:
Babageldi Annaberdıýew 1980–nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda doguldy.Küşt oýny bilen 5 ýaşyndan başlap merhum kakasy fideniň ussady Baýrammyrat Annaberdıýewden bu gadymy we müdimi oýnyň syrlaryny öwrenmäge başlaýar .1994-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň 14-20 ýaş oglanlaryň arasynda çempion diýen hormatly adyň eýesi bolmagy başardy. Babageldi 12 ýaşynda sport ussada dalaşgär 17 ýaşynda sport ussady diýen hormatly adyň eýesi boldy .
1999-2001 –nji ýyllar arasynda harby gullugyny tamamlap, 2001–nji ýylda Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň sport mekdebinde küşt tälimçisi bolup işe başlaýar.
2005-nji ýylda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmekde giň göwrümli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşi tarapyndan sylaglanýar.
1997-1998-2004 –nji ýyllarda Ahal welaýatynyň çempiony diýen hormatly adyň eýesi boldy. 2003-2005 –nji ýyllar Türkmenistanyň erkekleriň arasyndaky çempionatynyň birinji ligasynda çempion diýen hormatly adyň eýesi boldy.
2001 nji ýylyň 6-12-nji dekabr aralygynda Aşgabat şäherimizde geçirilen halakara küşt ýaryşynda altyn medalyň eýesi boldy.
1995-2009 ýyllar arasy dünya-aziýa çempionatlaryna we halkara ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşyp üstünlikli netijeler gazandy. Olardan mysal edip, 1995-nji ýyl Eýran Yslam Respublikasy 16 ýaş Aziýa çempionaty 7-nji orun,2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda altyn medalyň eyesi boldy.2004-nji ýyl Türkiýe döwletiniň Çanakkale şäheri halkara ýaryşy kümüş medal, 2007-nji ýyl Ukraina döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda altyn medalynyň eýesi boldy.
2009-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agsasy boldy. 2009-njy ýylda Hindistanyň Kota şäherinde geçirilen Halkara küşt ýaryşynda 5-nji orun we fideniň ussady diýen hormatly adyň eýesi boldy. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň yolbaşçysy wezipesine bellenildi. 2006-2010-njy ýyllar Aşgabat şäheriniň küşt mekdebiniň bäş tälimçi wezipesinde işledi.
2000-2004-nji ýyllar dünýä we aziýa çempionatlarynda, olimpiýadalarda we halkara ýaryşlarynda halkara sport ussady Meýlis Annaberdiýewiň tälimçisi boldy .
Babageldi Annaberdiýew 2004-2008-nji ýyllarda fideniň ussady Esenow Annaberdi, halkara ussat Mesgen Amanowyň tälimçisi boldy.
2006-2010-njy ýyllarda Nazarow Rüstem, Öwezowa Meňli, Nazarowa Gözel ,Esenow Gurban,Taýlyýew Süleýman, Joraýewa Göwher , Annaýew Resul,
Amangeldiýew Gurbangeldi,Baýramgeldiýew Ýusup, Semiýew Suhrap, Otçiýew Arslan dagylaryň halkara ýaryşlarynda tälimçisi boldy.
2010-2015-nji ýyllar arasynda Türkiye respublikasynyň küşt federasıýasynda çagalaryň baş talimçisi bolup Mersin we Hataý şaherlerinde işledi,
2013-2014 ýyllarda küşt boýunça çalasyn (rapid) we çalt (blitz) oýny boýunça Turkiye döwletiniň çempiony diýen hormatly adynyň eýesi boldy.
2012-2014-nji ýyllarda Turkiye döwletiniň Hataý şäheriniň çempiony boldy.
2012-2015-nji ýyllar Turkiye döwletiniň ýokary ligasynda çykyş edip, kümüş medalynyň eýesi bolmagy başardy.
Babageldi Annaberdiýew häzirki wagtda TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ MERSIN ŞÄHERINIŇ TOPARYNDA ÇYKYŞ EDÝÄR WE TÄLIM BERÝÄR
Özüniň Türkiýede çykyş etmegi barada:
"Özüm barada aýtsam Türkiýe federasiýasyna geçmegimiň sebäbi bärde köp wagt bäri iş salyşmagym we ligalarda oýnamak üçin, Türkmeni dünýä tanatmak üçindir. Islendik wagt yzyma geçip bilerin, men hiç haçan Türkiýe küşt milli ýygyndysynda oýnaman şerti bilen geçdim sebäbi biz Türkmen raýaty, raýatlygymdan asla dänmerin."
Indi bolsa soraglara geçeliň:
1. soragym şeýle: Göräýmäge siz küşt äleminiň bir parçasy, ýewropada küştçileriň küştden gazanjy nähili? Naýbaşy (top) küştçiler dälde Fide Master we dünýäde FIDE ELO sanawynda top-50-de ýoklaryň gazanjy barada soraýan. Küşt ýaryşlaryndan ýeterlik gazanyp bilýälermi professional we hünärment (ekspert) küştçiler? Küşt ýaryşlarynyň ýygylygy nähili? Küşte bolan talap nähili? Meselem Türkmenistanly Grandmaster ýewropa gelse küştden gazanç (ýaryşlar, tälimçilik we ş.m) edip durmuşyny dowam etdirip bilermi?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Bu biraz gödegräk ýalydyr, hakykatdanam parçasy [küşt äleminiň] sebäbi 31 ýylyny berdim 38 ýaşymyň eýýäm bu gadymy ve müdimi oýuna we 17 ýaşymda oýunçylygy bes edip trener(tälimçi) bolmaly boldum, maşgalamyz ulydygy sebäpli durmuş şertleri mejbur edipdi o döwür, şonuň üçinem.Mmen Bagyrda doglamsoň oba küştçileri we şäher küştçilerine ýakyn bolsam-da ilki bazarda ekinlerimi satardym, jennet bazarda . Soňra kluba . 30-daky kluba giderdim. Eklenji her yerde-de gazanyp bilersiňiz, kelläňiz gowy işlesin ýeter. Mysal üçin, men FM bolup bilerin ýöne GM hökmünde kän gazanyp bilerin. Tälimcilik işi gaty kyn profesiýa (kär), her hili psihologiýaly cagalar bar.Ttrenerin GM bolmagy hökman däl, trenerin hakykatdanam trener bolmagy esasy zat. Pratik hyzmatlary, okuwçylara özüni ynandyryp bilmesi esasy zat, galan zat özi boluberer. Onsoň näme Ýevropa Türkmenistandan artyk ýeri ýoga men Türkmenistanda-da Ýewropaň aýlygyny alyp ýaşap görkezdim. Soňky 3 ýylda biziň Ýewropa gelip ýaşamagymyzyň asyl manysy pul gazanmak däl, hakykat düýbinden başga. Maşgala ýagdaýlar sebäpli. Towşana dogduk depe diýipdirler, ýöne GM bolup Ýewropa gelip ýaryşlarda oýnasaňam hor bolmaýaň, ýönekeý mysal hakyky GM bolmaly, güýjüňizi görkezmeli ýöne
2. Türkmenistanda küşt ýagdaýy nähili? Talap ýokarymy? Küşt mekdepleri we Küşt tälimçileri ýetikmi? Türkmenistanyň iň öňde gelen küştçisi Türkmenistanda öz durmuşyny küştden gazanyp bilermi?
FM Babageldi Annaberdiýew: Türkmenistanyň küşt ýagdaýy Arkadagyň saýasynda hasam ösýär. Meselem Muhammedowyň federasiýaň başlygy bolmagy laýyk ýerine düşdi. Federasiya hiç ömründe görmedik goldawy halka hödürledi. Muhammedow-a aýratyn minnetdarlyk bildirmeli. Ýolbaşçy diýeniň şolar ýaly bolmaly. Zehinli küştçileri esasan Annaberdiýewler bilen Atabaýewler her yyl çykarýandyr Türkmenistanda syn etseňiz. Häzir biziň ýaşlarymyza döwlet tarapyndanamam goldaw berilýär. Iň ýönekeýjesi soňky 10 ýylyň ýaş zehinleri hemmesi ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilimli, Döwletiň goldawy küştçilere. Ýokary bilimli hünärli kärli oglan gyzlar hic haçan hor bolmazlar.
3. Grandmaster derejesine ýetmek üçin nähili zähmet çekmek gerek? Has giňişleýin aýtsam: Küşte başlan çaga günde näçe sagadyny küşt öwrenmäge sarp etmegi gerek Grandmaster bolmak üçin?
FM Babageldi Annaberdiýew: "GM derejesine ýetmek üçin 10 sagat her gün taýynlanmaly. Türkmenistanda trener (tälimçi) az, hasam titullylar az, getirmeli daşarydan Pulumyz känä. Getirdiler we netijesinem gördüler aziyadada. Indi 3 soragyň jogaby çagaňyzy her gün 10 sagat küşte baglamak gaty kyn sebäbi onyň okuwy bar, basga zatlaram bar ýöne 4 sagat aýratyn ders bilen 4 sagadam öýde 8 sagat oňa aýyrmasanyz bolmaz sebäbi GM titulyna ýetmek üçin ondan aşakdaky derejelerem gaty kyn."
4. Türkmen dilinde küşt literaturasy ýeterlikmikä? Bu hakda bilýäňizmi? Meselem, 6-7 ýaşly okamagy-ýazmagy bilýän Türkmen çaga açylyşlary we küşt teoriýasyny okap öwrenmegi üçin ýeterlik Türkmençe maglumat (kitaplar we ş.m) barmyka? Bar bolsa bulary nireden tapyp bolarka, şu zatlardan habaryňyz barmy?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Türkmen dilinde nämä gerek? Orsça-da doly kitaplar, bize diagramlar gerek , trener türkmencçä perevod (terjime) edip öwredibersin. Iňlis dili rus dilinem owrenmeli, gerek. Küşt öwrenmek üçin Türkmen kitabyň bolmasy şert däldir. Her hili küşt programmalar çykdy, olaram ýetik öwrenmek üçin. Öwrenmek üçin höwes gerekdir. Buwagt hä internet kompýuter... Ýalta çaga 9 mugallym hem az diýipdirler. Serdar Annaberdiýew şu wagt Aşgabatda 228 otagly küşt klubda klasy, şo taýa barsaňyz görersiňiz çagalar her gün ve hepde-de näce gün sapak geçilýänini we netijelerini. Türkmençe kitap bar. Myratgulyýew Şöhradyň ýanyna barsaňyz berer."
5. Sowet soýuzy döwründe hem, ondan soňra hem Türkmenistandan dünýä derejesinde bir küştçi çykmady goňşy döwletlerden çyksa hem. Siziň pikiriňizçe bizde näme kemlik edýär? Günümizde Ermenistan (Lewon Aronian), Azerbaýjan (Şähriýar Mämmedow), Ukraina (Ruslan Ponomariow, Anna Muzyçuk), Gürjistan, Özbegistan (Rüstem Kasymjanow) ýaly öňki soýuz döwletlerinden dünýä derejesinde küştçiler bar, emma bizde ýok. Näme üçinkä? Ýagny, soýuz döwründe hem o döwletlerden çykýardy (meselem: Tigran Petrosian, Efim Geller, Paul Keres, Mihail Tal) emma bizden ýokdy. Näme üçinkä? Bu barada pikiriňiz?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Sowet soýuzynyň bir ujyny gördüm men. 12 ýaşymdadym iň soň turnirlerde Pöwrizede kän oýnardyk. Goňşylaryň küştden başga işi ýok şoň üçin çykýar a bizden çykmasy üçin sponsor gerek, pul gerek. Ady agzalanlaryň her haýsyny ýakyndan tanaýaryn, 6 sany treneri ohranasy hepdede bir ýaryşda, psihologyna cenli bar ýanlarynda. Bizde-de bolar seretseňiz näme bolmasyn, bara biz daşary ýurtda känä güýçliler ýöne barymyz trener bolup oýunçylygy ir taşlaýarys sebäbinem hemme kişi bilýär bar, işimiz küşt däl. Ýetişdirip bolanok."
6. Küştde ökdeleşmek üçin eýermeli programmamyzy düşündirip bilermisiňiz? Ýa-da bu barada näme maslahat bererdiňiz? Öwrenmäge nämelerden başlamaly? Haýsy açylyşlary başda öwrenmeli? Küşt hakdaky haýsy kitaplary okamaly? Haýsy tertipde okamaly we ş.m?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Ökdelemek üçin eliňe näme gelse okabermeli. Bilmeýän zadymyz kän soňy ýoga bu oýnuň. Açylyş bilen çäklenenoga bu oýun. Oýun ortasy, oýunsoňy hem bara klasikleri köpräk okaň. Kapablanka, Alehin, Botwinnik we şoňa meňzeşler: Nimzowiç, Kasparow."
7. Küşt äleminde Türkmenleriň ýeten iň ýokary sepgidi nämekä? (Meselem kontinental çempionatda çempion bolmak ýaly) Haçan we nirede bolup geçdi? Haýsy küştçilerimiz gazandy bu sepgidi? Şu barada bilýänleriňizi aýdaýsaňyz.
FM Babageldi Annaberdiýew: "Dünýäniň resmi däl çempionam Türkmen Muhammet as Suly. Gaty kän netijeleri haýsyny ýazsamkam? Myratgulyýewiň kitabynda hemmesi ýekän ýekän ýazyk icinde muzeýimizem bar Aşgabat şäheriniň küşt mekdebinde baryp görübersinler gowusy."
8. Munça bolanyna görä elbetde küştüň iň meşhur jedelini hem soramasak bolmaz, Bobby Fisher-mi ýa-da Garry Kasparow? Siziň pikiriňiçe Haýsysy has gowy küştçidi?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Meň pikirimçe gowy küştçi ikisem ýöne ikisiniňem adamkärçiligi pes bolan wagtynda Anand we Kramnik ýaly asylly tertipli oýunçylary söýýän we maslahat berýän."
9. Dünýä taryhynda iň güýçli hasaplaýan küştçiňiz kim? Türkmenistan taryhynda kimi hasaplaýaňyz?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Taryhda iň güýçli küştçi [Anatoli] Karpow"
Küşt hakda soraglaryňyz bolsa soraberiň, elinden geldikçe kömek etmekçidigini aýtdy Babageldi aga. Nämeler öwrenmeli, mümkinçilikler nähili, näme gazanç edip bolar we küşt hakda ş.m soraglar.
Men ýene 4-5 sorag soradym, olaram paýlaşjak biraz wagtdan.
FM Babageldi Annaberdiýew agzamyz bilen küşt we küşt älemi hakda söhbetdeş bolduk, paýlaşmagyma rugsat berdi. Sizlerem soraglaryňyz bolsa soraberiň, elinden geldigiçe kömek etmekçidigini aýtdy. Babageldi aga professional küşt hünärmenti, soraglaryňyza mümkin boldukça takyk jogap berip biljek tejribä eýe. Söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirýän öňünden.
Ilki bilen Babageldi aganyň özi bilen tanyşalyň:
Babageldi Annaberdıýew 1980–nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda doguldy.Küşt oýny bilen 5 ýaşyndan başlap merhum kakasy fideniň ussady Baýrammyrat Annaberdıýewden bu gadymy we müdimi oýnyň syrlaryny öwrenmäge başlaýar .1994-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň 14-20 ýaş oglanlaryň arasynda çempion diýen hormatly adyň eýesi bolmagy başardy. Babageldi 12 ýaşynda sport ussada dalaşgär 17 ýaşynda sport ussady diýen hormatly adyň eýesi boldy .
1999-2001 –nji ýyllar arasynda harby gullugyny tamamlap, 2001–nji ýylda Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň sport mekdebinde küşt tälimçisi bolup işe başlaýar.
Babageldi Annaberdiýew häzirki wagtda TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ MERSIN ŞÄHERINIŇ TOPARYNDA ÇYKYŞ EDÝÄR WE TÄLIM BERÝÄR
Özüniň Türkiýede çykyş etmegi barada:
"Özüm barada aýtsam Türkiýe federasiýasyna geçmegimiň sebäbi bärde köp wagt bäri iş salyşmagym we ligalarda oýnamak üçin, Türkmeni dünýä tanatmak üçindir. Islendik wagt yzyma geçip bilerin, men hiç haçan Türkiýe küşt milli ýygyndysynda oýnaman şerti bilen geçdim sebäbi biz Türkmen raýaty, raýatlygymdan asla dänmerin."
Indi bolsa soraglara geçeliň:
1. soragym şeýle: Göräýmäge siz küşt äleminiň bir parçasy, ýewropada küştçileriň küştden gazanjy nähili? Naýbaşy (top) küştçiler dälde Fide Master we dünýäde FIDE ELO sanawynda top-50-de ýoklaryň gazanjy barada soraýan. Küşt ýaryşlaryndan ýeterlik gazanyp bilýälermi professional we hünärment (ekspert) küştçiler? Küşt ýaryşlarynyň ýygylygy nähili? Küşte bolan talap nähili? Meselem Türkmenistanly Grandmaster ýewropa gelse küştden gazanç (ýaryşlar, tälimçilik we ş.m) edip durmuşyny dowam etdirip bilermi?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Bu biraz gödegräk ýalydyr, hakykatdanam parçasy [küşt äleminiň] sebäbi 31 ýylyny berdim 38 ýaşymyň eýýäm bu gadymy ve müdimi oýuna we 17 ýaşymda oýunçylygy bes edip trener(tälimçi) bolmaly boldum, maşgalamyz ulydygy sebäpli durmuş şertleri mejbur edipdi o döwür, şonuň üçinem.Mmen Bagyrda doglamsoň oba küştçileri we şäher küştçilerine ýakyn bolsam-da ilki bazarda ekinlerimi satardym, jennet bazarda . Soňra kluba . 30-daky kluba giderdim. Eklenji her yerde-de gazanyp bilersiňiz, kelläňiz gowy işlesin ýeter. Mysal üçin, men FM bolup bilerin ýöne GM hökmünde kän gazanyp bilerin. Tälimcilik işi gaty kyn profesiýa (kär), her hili psihologiýaly cagalar bar.Ttrenerin GM bolmagy hökman däl, trenerin hakykatdanam trener bolmagy esasy zat. Pratik hyzmatlary, okuwçylara özüni ynandyryp bilmesi esasy zat, galan zat özi boluberer. Onsoň näme Ýevropa Türkmenistandan artyk ýeri ýoga men Türkmenistanda-da Ýewropaň aýlygyny alyp ýaşap görkezdim. Soňky 3 ýylda biziň Ýewropa gelip ýaşamagymyzyň asyl manysy pul gazanmak däl, hakykat düýbinden başga. Maşgala ýagdaýlar sebäpli. Towşana dogduk depe diýipdirler, ýöne GM bolup Ýewropa gelip ýaryşlarda oýnasaňam hor bolmaýaň, ýönekeý mysal hakyky GM bolmaly, güýjüňizi görkezmeli ýöne
2. Türkmenistanda küşt ýagdaýy nähili? Talap ýokarymy? Küşt mekdepleri we Küşt tälimçileri ýetikmi? Türkmenistanyň iň öňde gelen küştçisi Türkmenistanda öz durmuşyny küştden gazanyp bilermi?
FM Babageldi Annaberdiýew: Türkmenistanyň küşt ýagdaýy Arkadagyň saýasynda hasam ösýär. Meselem Muhammedowyň federasiýaň başlygy bolmagy laýyk ýerine düşdi. Federasiya hiç ömründe görmedik goldawy halka hödürledi. Muhammedow-a aýratyn minnetdarlyk bildirmeli. Ýolbaşçy diýeniň şolar ýaly bolmaly. Zehinli küştçileri esasan Annaberdiýewler bilen Atabaýewler her yyl çykarýandyr Türkmenistanda syn etseňiz. Häzir biziň ýaşlarymyza döwlet tarapyndanamam goldaw berilýär. Iň ýönekeýjesi soňky 10 ýylyň ýaş zehinleri hemmesi ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilimli, Döwletiň goldawy küştçilere. Ýokary bilimli hünärli kärli oglan gyzlar hic haçan hor bolmazlar.
3. Grandmaster derejesine ýetmek üçin nähili zähmet çekmek gerek? Has giňişleýin aýtsam: Küşte başlan çaga günde näçe sagadyny küşt öwrenmäge sarp etmegi gerek Grandmaster bolmak üçin?
FM Babageldi Annaberdiýew: "GM derejesine ýetmek üçin 10 sagat her gün taýynlanmaly. Türkmenistanda trener (tälimçi) az, hasam titullylar az, getirmeli daşarydan Pulumyz känä. Getirdiler we netijesinem gördüler aziyadada. Indi 3 soragyň jogaby çagaňyzy her gün 10 sagat küşte baglamak gaty kyn sebäbi onyň okuwy bar, basga zatlaram bar ýöne 4 sagat aýratyn ders bilen 4 sagadam öýde 8 sagat oňa aýyrmasanyz bolmaz sebäbi GM titulyna ýetmek üçin ondan aşakdaky derejelerem gaty kyn."
4. Türkmen dilinde küşt literaturasy ýeterlikmikä? Bu hakda bilýäňizmi? Meselem, 6-7 ýaşly okamagy-ýazmagy bilýän Türkmen çaga açylyşlary we küşt teoriýasyny okap öwrenmegi üçin ýeterlik Türkmençe maglumat (kitaplar we ş.m) barmyka? Bar bolsa bulary nireden tapyp bolarka, şu zatlardan habaryňyz barmy?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Türkmen dilinde nämä gerek? Orsça-da doly kitaplar, bize diagramlar gerek , trener türkmencçä perevod (terjime) edip öwredibersin. Iňlis dili rus dilinem owrenmeli, gerek. Küşt öwrenmek üçin Türkmen kitabyň bolmasy şert däldir. Her hili küşt programmalar çykdy, olaram ýetik öwrenmek üçin. Öwrenmek üçin höwes gerekdir. Buwagt hä internet kompýuter... Ýalta çaga 9 mugallym hem az diýipdirler. Serdar Annaberdiýew şu wagt Aşgabatda 228 otagly küşt klubda klasy, şo taýa barsaňyz görersiňiz çagalar her gün ve hepde-de näce gün sapak geçilýänini we netijelerini. Türkmençe kitap bar. Myratgulyýew Şöhradyň ýanyna barsaňyz berer."
5. Sowet soýuzy döwründe hem, ondan soňra hem Türkmenistandan dünýä derejesinde bir küştçi çykmady goňşy döwletlerden çyksa hem. Siziň pikiriňizçe bizde näme kemlik edýär? Günümizde Ermenistan (Lewon Aronian), Azerbaýjan (Şähriýar Mämmedow), Ukraina (Ruslan Ponomariow, Anna Muzyçuk), Gürjistan, Özbegistan (Rüstem Kasymjanow) ýaly öňki soýuz döwletlerinden dünýä derejesinde küştçiler bar, emma bizde ýok. Näme üçinkä? Ýagny, soýuz döwründe hem o döwletlerden çykýardy (meselem: Tigran Petrosian, Efim Geller, Paul Keres, Mihail Tal) emma bizden ýokdy. Näme üçinkä? Bu barada pikiriňiz?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Sowet soýuzynyň bir ujyny gördüm men. 12 ýaşymdadym iň soň turnirlerde Pöwrizede kän oýnardyk. Goňşylaryň küştden başga işi ýok şoň üçin çykýar a bizden çykmasy üçin sponsor gerek, pul gerek. Ady agzalanlaryň her haýsyny ýakyndan tanaýaryn, 6 sany treneri ohranasy hepdede bir ýaryşda, psihologyna cenli bar ýanlarynda. Bizde-de bolar seretseňiz näme bolmasyn, bara biz daşary ýurtda känä güýçliler ýöne barymyz trener bolup oýunçylygy ir taşlaýarys sebäbinem hemme kişi bilýär bar, işimiz küşt däl. Ýetişdirip bolanok."
6. Küştde ökdeleşmek üçin eýermeli programmamyzy düşündirip bilermisiňiz? Ýa-da bu barada näme maslahat bererdiňiz? Öwrenmäge nämelerden başlamaly? Haýsy açylyşlary başda öwrenmeli? Küşt hakdaky haýsy kitaplary okamaly? Haýsy tertipde okamaly we ş.m?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Ökdelemek üçin eliňe näme gelse okabermeli. Bilmeýän zadymyz kän soňy ýoga bu oýnuň. Açylyş bilen çäklenenoga bu oýun. Oýun ortasy, oýunsoňy hem bara klasikleri köpräk okaň. Kapablanka, Alehin, Botwinnik we şoňa meňzeşler: Nimzowiç, Kasparow."
7. Küşt äleminde Türkmenleriň ýeten iň ýokary sepgidi nämekä? (Meselem kontinental çempionatda çempion bolmak ýaly) Haçan we nirede bolup geçdi? Haýsy küştçilerimiz gazandy bu sepgidi? Şu barada bilýänleriňizi aýdaýsaňyz.
FM Babageldi Annaberdiýew: "Dünýäniň resmi däl çempionam Türkmen Muhammet as Suly. Gaty kän netijeleri haýsyny ýazsamkam? Myratgulyýewiň kitabynda hemmesi ýekän ýekän ýazyk icinde muzeýimizem bar Aşgabat şäheriniň küşt mekdebinde baryp görübersinler gowusy."
8. Munça bolanyna görä elbetde küştüň iň meşhur jedelini hem soramasak bolmaz, Bobby Fisher-mi ýa-da Garry Kasparow? Siziň pikiriňiçe Haýsysy has gowy küştçidi?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Meň pikirimçe gowy küştçi ikisem ýöne ikisiniňem adamkärçiligi pes bolan wagtynda Anand we Kramnik ýaly asylly tertipli oýunçylary söýýän we maslahat berýän."
9. Dünýä taryhynda iň güýçli hasaplaýan küştçiňiz kim? Türkmenistan taryhynda kimi hasaplaýaňyz?
FM Babageldi Annaberdiýew: "Taryhda iň güýçli küştçi [Anatoli] Karpow"
Şuwagt Wengriýada dowam edýän ýaryşda çykyş edýän Türkmenistanly küştçi ikinji orunda barýar.
Dowamy bar.
Sizlerem soraglaryňyz bolsa soraberiň, elinden geldikçe kömek etmekçidigini aýtdy Babageldi aga.