(BELLIK: Eger bu ýere terjimedäki haýsydyr bir sözüň düşündirişini gözläp gelen bolsaňyz Çtrl+f4 arkaly göni sözi gözletmegiňizi maslahat berýän, bu ýazgy uzyndyr sebäbi düşündirişli söz köp we olaryň hersiniň kesgitlemesi uzyn. Bu taýda ulanyljak sözleriň kesgitlemesini "Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň korrespondent-çleni M. Ý. Hamzaýew, filologia ylymlarynyň kandidatlary S. Altaýew, G. Ataýew, G. Açylowa, W. Mesgudow we ylmy işgär A. Meretgeldiýew." tarapyndan düzülen Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden alyndy. Bu sözlügiň elektron görnüşi bolan enedilim.com saýty seredip bilersiňiz sözleri tassyklamak isleseňiz.)
Chess.comy 2 3 adam bolup uzak wagt dowamynda terjime etdik. Hiç birimiziňem professional işi däl bu, diňe boş wagtlarymyzy sarp etdik we özem diňe sözlemleri görüp terjime etdik, olaryň saýtyň niresinde nähili ulanyljakdygy barada maglumatymyz ýok diýen ýalydy. Netijede biri birine gabat gelmeýän terjimeler ýüze çykan bolup biler, düşnüksiz terjimeler hem bolan bolup biler. Şeýle problemalary ýazmagyňyz we ulanan üýtgeşik terjimelerimize düşünmegiňiz üçin bu blogy ýazýan.
Çess.kom saýtyny terjime edýärkäm mümkin boldukça türkmençe sözleri ulanjak boldum, terjime edýärkäk ähmiýet beren 2-nji kriteriam mümkin boldukça gysga we ulanmaga amatly we düşnükli bolmagy. Saýtyň Türkmençesi 5-nji gün açylar, onsoň barlap görüp ýalňyşlyklary bildirseňiz düzelderis. Häzir aşakda gabat gelip biljek geňlikleri belläp geçeýin, iňlis dilindäki wersiýa bilen deňeşdirilip mysal bererin:
1. Edit - özgert: Edit sözüni "üýtget: diýip terjime etseler hem men "özgert" wariantyny saýladym. Özgertmek işliginiň manysyny şeýle berýär Türkmen dili sözlügi:
Ozalky bolşumdan başga hala geçirmek, owalky bolşundan üýtgetmek, üýtgeşiklik girizmek.
Edit profile, edit blog diýilende "blogy üýtget" diýmekden "blogy özgert" diýmegi has makul gördük sebäbi blogy/profili edit edemizde öňki durkyndan başga durka geçirýäs, käbir ýerine üýtgeşme girizýäs we bu hadysanyň ady Türkmen dilinde "özgertmek"dir
2. Seek (game we ş.m) - Işlik hökmünde gelen ýerlerde agtarmak diýleni saýladyk. Agtarmagyň manysy şeýle:
Birini ýa-da bir zady tapmak üçin gözlemek; döwüşdirmek, sermeşdirmek.
A:t hökmünde gelende "gözleg" diýmegi makul bildik. Ýöne aýdyşym ýaly, ähli ýerde durnukly däldir terjime, käte gözle diýibem terjime edildi, düzelderis.
3. Post - neşir: Post at hökmünde gelende iňlis dilindäki manysy boýunça saýta ýazylan makala, bir makala garaýyş bildiren teswiriň we ş.m ählisini öz içine alýar, şuny gözöňünde tutup muňa derek Türkmen dilinde neşir diýmegi makul bildik. Neşir sözüniň manysy:
Metbugatda çap edilýän eser.
Elbetde saýt metbugat däl diýlip biliner emma makala, blog, bloga teswir ählisi neşir sözüniň kesgitlemesine deň gelýändigini gözöňünde tutup Post sözüne derek neşir sözüni ulanmagy makul bildik. Şeýlelikde, saýtyň iňlisçe wersiýasynda "user's posts" ýaly ýerlerde saýtyň türkmençe wersiýasynda "agzanyň neşirleri" ýaly ýazga durar.
4. To delete - öçürmek : Soňky ýyllarda "pozmak" diýip ulanylýanam bolsa delete sözüniň türkemnçesi "öçürmek, bozmak" diýilen ajapsozlukde, pozmak işligi hem berilen ajapsozlukde emma Türkmen diliniň dürli ýyllardaky we dürli babatdaky sözlükleriniň hiç birinde "pozmak" işligi ýokdyr, pozmak işligi "bozmak" işliginiň ýoýulan wersiýasydyr (dört sözine tört diýmekleri ýaly), şu sebäpden öçürmek sözüni saýlap aldyk. Näme üçin bozmak däl? Bozmak sözi şol bir wagtyň özünde "işläp duran zady işlemejek ýagdaýa salmak" ýaly manysy hem bar we şeýle garyşyklyk bolmazlygyndan gaça durmak üçin "öçürmek = to delete" diýip aldyk.
5. Çhallenge : Bu sözüň göni Türkmençesi bir könelişen sözdür. Bu sözi nähili terjime edendigimiz ýazgynyň ortalarynda. Şu blogdaky 23-nji düşündirişe seret, şo ýerde giňişleýin düşündirilen.
6. Coach: Tälimçi. Düşündiriş gerek däl bolsa gerek.
7. Piece - çöp: Iňlis dilinde küştde goşunuň bir bölegi hökmünde çykyş edýän zatlara berilen at. Ilki bada Türkmençe wikipedia seredip bu sözi "mal" diýip terjime edenem bolsak Aziada2017 saýtynda "küşt çöpleri" diýlip ýazylandygy üçin çöp diýilenleri tassykladym.
Küşt çöpleri iki topara bölünip, olar iki sany dürli reňkden ybarat bolýar – gara we ak. Her oýunçyda 16 çöp bolup, olaryň 8 sanysy “pyýada”, 2-si “at”, 2-si “pil”, 2-si “ruh”, 1-i “perzi” we 1-i “şa” çöpleridir.
8. Rated/Unrated - baha berilýän/berilmeýän : Ballandyrylan/ballandyrylmaýan (bal berilýän/berilmeýän) diýibem bolar. Çekeleşige açyk
9. TOP - naýbaşy (käte öňdebaryjy): Top sözi iki görnüşde duş gelýär saýtyň iňlisçesinde: 1. ýokary hilli 2. iň öňde barýan. Naýbaşy diýip terjime eden ýagdaýlarymyz: bir zadyň ýokary hillidigini beýan edýän halatynda Türkmençä "naýbaşy" diýip terjime etdik. Meselem: Top wideos diýleni ýokary hilli küşt wideolary manysyny bermegi üçin naýbaşy wideolar diýdik.
Haýsydyr bir sanawdaky iň ýokary basgançaklary eýelänleri beýan edýän ýagdaýynda bolsa "öňdebaryjy" diýip terjime etdik, meselem top 2 grandmasters diýleni öňdebaryjy 2 grosmeýster diýip terjime etdik.
10. Endgame - oýunahyry : Oýunsoňy diýibem bolardy, oýunahyry diýmegi makul bildik ahyr diýlende adam aňyna belli bir periad gelýändigi sebäpli. Soňy diýilse ýüze çykan netije gözöňüňe gelýär, şu sebäpden oýunahyry diýmegi makul bildik
11. Email - email : e-poçta diýibem terjime edilen ýerler bar. Düşnüklidirle haýsam bolsa
12. engine - motor: Maşynka ýa-da motor diýip terjime edip bolar. Motor diýleni saýladyk.
13. Access -ejaza:Ygtyýar diýibem terjime edip bolardy, ejaza diýmek bir ýere girmäge ýa-da birzat etmäge rugsatly bolmak ýagdaýyna aýdylýar. Könelişen söz. Ygtyýar diýmekden ejaza diýmek has ýakymly görünýär)) şu sebäpden saýladym ejazany.
16. Göz gezdirmek/ser salmak : Iňlisçedäki eksplore/wiew ýaly söze derek ulanyldy
17. Random - çem gelen: Her bir duş gelen, gabat gelen diýen manysy bar çem geleniň. Random sözüne laýyk bu kesgitleme.
18. App - goýma: Android telefonyň Türkmençesinde appler goýma diýip terjime edilen, menem şeýle dowam etdim
19. wezirtarap/şatarap : Kingside diýleni şa tarapyna diýip oturmadymda gysgaldyp şatarap diýäýdim. Meselem: şatarap rakirowka diýdim şa tarapyna rakirowka diýmek ýerine.
Başgada meňzeş ýagdaýlar bolsa update ederin
UPDATE:
20. to disable - beklemek : diýip terjime edýän haçan-da iňlis dilinde disbale sözi "disable çlub" ýaly klubdan gelýän habarlary duruz manysyny berende. Beklemek söziniň kesgitlemesi şeýle: "Ýapmak, baglamak, gulplamak.
Öňüni böwetlemek, böwet basmak, baglamak.
Ýoluny, öňüni tutmak, gabat bolmak."
şeýlelikde disable sözne gabat gelýär. Kluby beklämizde ondan geljek bildirişleriň öňüni tutýas, böwet basýas.
21. Auto-verb - awto-işlik : Auto-resign, auto-abort ýaly işlikler bar iňlisçe äppde. Bular "hiç hili görkezme bolmazdan, hiç hili razylyk alynmazdan göni oýun çekilmek (auto-resign) ýa-da oýuny başlamanka abort etmek" ýaly manylary bar. Awtomatiki usulda oýundan çekil ýaly uzyn terjimä derek bizem göni awto-çekil ýa-da awto-abort diýip terjime etdik.
UPDATE:
22. Increment - Gatanç: Iňlis küşt edebiýatyndaky "Increment" sözi belli bir küşt oýunyna berilen asyl wagtdan daşary her göçüm soňrasynda goşulýan kesgitli wagt mukdaryny aňladýar. Ýagny, "Increment 2 seconds" diýilmegi her bir göçüm üçin 2 sekunt goşulmagydyr. Türkmen dilindäki gatanç sözi bar bolan bir zadyň üstüne goşant goşmakdyr, şu sebäpden Increment sözüne derek Türkmen dilinde gatanç diýmegi makul bildik. halk arasynda gatan. sözüniň orsçasy bolan rus dilindäki "dobawka" sözi has giňden ýaýran.
23. Challenge: sözüniň manysyny iňlisçe bilýänler bilýändir, iňlisçe bilmeýänler üçin düşündireli: Kimdir birini nämedir bir zatda "dawaý, özüňe göwnüň ýetýän bolsa gel ikimiz göreşeli şu meselede" diýip duele çagyrmak. Türkçesi "meýdan okumak." Muny Modern Türkmençä belli bir söz bilen geçirmek kyn, meselem "X challenged his title" diýleninde "X onuň titulyny duele çagyrdy" diýip bolmaýar.
Men bir könelişen sözi teklip edýän bu sözüň terjime hökmünde: "ERIŞMEK"
Erişmek sözüniň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com: "Biriniň garşysyna çykmak, birine hüjüm etmek."
2 sany mysal şol saýtdan:
"
Indi özümize erşip başlady. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy)
Onsoň hem kim bolupmyş ol, Meredow diýilýän, maňa erşer ýaly? («Sowet edebiýaty» žurnaly)
"
Ikinji mysala üns beriň, erişmek sözi iňlisçedäki çhallenge sözüne gabat gelýän ýaly. Erişmek sözüni çhallenge sözüne derek ähli kontekstde ulanyp bolsa gerek. Mysallar:
"I challenge your title: Men seniň titulyňa erişýän." Munuň manysy men seni titulyň üçin göreşe çagyrýaryn diýmek bolar.
"Challenge him into a daily match - Oňa günlük duşuşykda eriş." Bu diýmek ony günlük duşuşykda göreşe çagyr.
"List of Challenges - Erişimler sanawy." Size gelen ýa-da sizden giden erişimler sanawyny görkezmäge ulanylyp biliner.
"Challenger - Erişiji." Meselem şu taýda "çagyryjy" ýa-da duele çagyryjy diýseň gaty gelşiksiz.
"Challenger club - Erişiji/erişýän klub." Şu kontekstdäki "Çhallenger klub" aňlatmasy sizi belli bir oýunda göreşe çagyrýan kluby aňlatmak üiçn ulanylýar. "Çakylyk iberen klub" diýilse sizi belli bir çempionatda çykyş etmäge, belli bir hadysa, belli bir maslahata çagyrýan klub manysyny hem berip biler. Eger-de bizi göreşe çagyrýan bolsa erişiji diýleni ulanmak, eger bizi dünýä ligasyna we ş.m. çagyrýan bolsa çakylyk iberen klub diýmek has jaýdar bolar, ýagdaýy has aýdyň beýan eder.
"Magnus Carlsen is a reigning title holder and Sergey Karjakin is a title challenger - Magnus Karlsen höküm sürýän titul eýesi we Sergeý Karýakin titula erişiji" - Şu taýda "çhallenger" sözüne derek "çagyryjy," "duele çagyryjy" ýa-da "çakylyk iberen" ýaly sözleri ulanyp bolmaz. "Sergeý Karjakin titul çagyryjysy" diýip bolmaz. Dalaşgär diýip bolar emma dalaşgär sözi "candidate" sözüne derek ulanylar.
Muňa derek günümiz Türkmençesindäki çagyr ýa-da çakylyk sözlerine derek näme üçin erişmegi saýlaly diýýän bolmagyňyz mümkin. Birnäçe sebäp bar:
1. Bu sözleri käbir ýerde gabat gelýär, käbir ýerde gabat gelenok.
2. Çakylyk sözüniň asyl manysy her hili çagyryşy öz içine alýar. Dostlukly çagyryşy hem, bir ýere gatnaşmaga bolan çagyryşy hem öz içine alýar. Erişim/erişmek bolsa gönüden göni Challenge sözüniň manydaşy.
3. Çakylyk sözüni at hökmünde ulanmak amatsyz. "Challenger" diýen ýere "Çakylyk iberen" diýmekden "erişiji" diýsek has gowy dälmi?
4. Çakylyk sözi asyl deregi "Invitation" sözüniň terjimesi. "Invitation" we "Challenge" sözleri biri-birinden tapawutlydyr, şu sebäpden "Invitation" sözüne derek "Çakylyk" sözüni ulanmak we at hökmündäki "Challenge" sözüne derek erişim sözüni ulanmak has jaýdar görünýär. "Invite" işligine derek "çakylyk ibermek / çagyrmak" diýmek, "Challenge" işligine derek bolsa "erişmek" işligini ulanmak has jaýdar görünýär.
Ýokarda sanap geçen sebäplerimden men özüm indiden beýläk iňlisçedäki "Challenge" işligini Türkmençä "erişmek" diýip terjime etmegi makul görýän. Siz näme diýýäňiz?
Könelişen söz elbetde emma wagtyň geçmegi bilen bu söz janlanar, dil baýlygymyz artar.
24. Prevent - Interfere: bu söz iňlis dilinde amala aşmak ähtimallygy bolan ýa-da eýýämden amala aşýan, herekete başlan bir ýagdaýy ýerine ýetmezligi maksatly duruzmak ýa-da düýbünden ýok etmek maksatly edilýän herekete aýdylýar. Meselem küştde garşydaşyňyz size hüjüm edýär, ol sizi mat etmezligini duruzmak üçin edýän hereketleriňize iňlis dilinde "prevent" diýiler.
Her iki sözlük hem bu sözi "öňüni almak" diýip terjime edýär. Öňüni almak sözüniň özi bir kesgitleme. Muňa derek men könelişen söz bolan we häzirki wagtda o diýen ulanylmaýan "Gabzamak" işligini teklip edýärin. Gabzamagyň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Bolýan hereketiň, ýagdaýyň öňüni almak, päsgel bermek, hereketiň amala aşmagyna bökdenç bolmak, düýrüp almak."
Modern söz barka könesi nämä gerek diýýän bolmagyňyz mümkin. "Öňüni almak" işligini ulanmak käbir ýagdaýlarda amatsyz bolýar.
"Preventing tactics" diýlenini "Öňüni alyjy taktikalar" ýa-da "Öňüni almak taktikalar" diýip ulanandan "Gabzaýjy taktikalar" diýsek has jaýdar.
"Preventing mate" diýleni "matyň öňüni almak" diýsek hem bolar ýöne "Maty gabzamak" diýmek has jaýdar görünýär.
Öňüni almak işligini at hökmünde ulanyp bolanok, kategoriýalara at berip bolanok bu söz bilen emma gabzamak işligini at hökmünde hem ulanyp bileris.
Şu sebäplerden men "öňüni almak" işligine derek "gabzamak" işligini ulanmagy has jaýdar görýän. Bu sözler nätanyş diýmäň, hawa nätanyş emma bu sözler janlanar, gaýtadan ulanyşa giriziler bu sözleri biz ulanyp başlasak. Siz näme diýýäňiz?
UPDATE 06/03/2018 Aşgabat wagty bilen 00:56: Interfere sözüne derek Gabzamak sözüni ulandyk terjimede.
25. Increment - Gatanç: Increment sözi iňlisçede küştde asyl berilen wagyňa we galan wagtyňa her göçüm üçin üstüne goşulýan wagt mukdaryny aňladýar. Biz muny "goşundy" diýip terjime edipdik. Özümiz at ýasapdyk. Bu söze tüýs manydaş söz bar Türkmen dilinde. Gatanç sözi. Bu sözüň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Üstüni ýetirmek üçin goşmaça zat, goşant.
Saňa toý gatanjy diýip, öz ýanymda iki sany goýun bilen bir düýe bugdaý niýetläp goýupdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gurplurak adamlar tapdygyndan gatanç diýip, kimsi dowar, kimsi öküzçe eltdiler. («Görogly» eposy)"
Ýagny, gatanç sözi gönüden iňlisçedäki increment sözüniň Türkmençesi bolup durýar. Owaldan bar bolan bir zadyň üstüne goşmak. Goşundy sözüniň kesgitlemesi ýok, ony biz özümiz döretdik we goşundy diýilse adamyň kellesine göni "owaldan bar bolan mukdaryň üstüne goşulan mukdar" gelmän başga hili goşma ahwalatlary hem gelip biler.
Şu sebäpden häzir ulanyşda bolan "goşundy" sözüni saýtyň terjimesinden aýyryp ýerine "gatanç" sözüni goýmagy makyl görýän. Siz näme diýýäňiz?
26. Bullet küşt: 1 minut wagt dolandyrmaly oýnalýan küşt oýnuna iňlisçede "Bullet küşt" diýilýär. Bullet sözüniň özi "ok" diýmegi aňladýar. Ok ýaly çalasyn oýnalýan küşt manysynda Bullet küşt diýýärler. Türkmençede "ok küşt/küşti" diýsek hä bolmaz. Muňa derek men könelişen bir sözi teklip edýärin: "Garsa küşt." Garsa sözüniň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Birden, çalt, tiz, birdenkä.
Çopanlaryna-da pitiwa etmän ony garsa gujaklamak isledim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)"
Garsa sözi iňlis-dilindäki instant sözüne terjime bolup biljek söz. "Salymly" ýaly manysy bar, türkçedäki "anlık" sözi ýaly. Mümkin bolan iň kiçi wagt aralygyndaky salymda bolup geçen hereketi aňladýar garsa sözi. Şu kesgitlemäni gözöňünde tutup men "Bullet küşt" diýilenini "Garsa küşt" diýmegi jaýdar görýärin we muny teklip edýärin. Sizler nähili görýäňiz?
06/03/2018 Aşg. wagty bilen 00:58 UPDATE: Saýtyň terjimesinde ulanyp biljek sözlerimizi maslahatlaşalyň mowzugynyň 8-nji teswirinde Aşgabat2017 Aziýa sport oýunlary websaýtynyň Türkmençe sahypasyndan edilen sitate salgylanyp Rapid/Blitz/Bullet sözlerini terjime etmezlik kararyna bardyk. Has giňişleýin maglumat üçin 8-nji teswire seretmegiňizi towakga edýärin!
27. expect - oslamak: Expect sözi iňlisçede "belli bir zadyň bolmagyny çaklap,şo zadyň amala aşmagyna garaşmak" ýaly manysy bar. Garaşmak emma wagt sebäpli garaşmak däl-de bir zadyň boljakdygyny aňyp ýa-da çaklap şol ýagdaýyň ýüze çykmagyna, maý bermegine garaşmak. Ekspekt sözüni göni garaşmak diýsek hem bolman durmaz emma munuň üçin aýratyn bir sözümiz barka näme üçin başga bir many aňladýan sözi ulanaly? Garaşmak sözüni 2-3 many aňladyp bilýän söz hökmünde ulanaly? Oslamak sözüni şeýle kesgitleýär enedilim saýty:
"Bir zady güman etmek, çak etmek, garaşmak.
Gözi ýer görmeýän haramzadalardan her zat oslamak boljak. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)"
Goý degme sözlerimiz ulanyşdan galmasyn, janlansyn ölüp barýan sözlerimiz.
Häzirlikçe şular, sizler näme diýýäňiz bu tekliplere?
Esasanam garsa küşt we erişmek sözleri bize köp zat gazandyryp biler.
Siziň özüňiziňem şeýle bilýän köne sözleriňiz bar bolsa aýdyberiň, olaram gözden geçireli agzalar bolup. Şiwe sözi hem bolsa çekinmäň, belki köne Türkmençede bardyr.
UPDATE:
28. Opponent - rakyp: Türkçedäki "rakip" sözi ýaly. Rakyp sözüniň kesgitlemesini "bäsdeş, duşman" diýip görkezýär enedilim saýty. Häzir biz garşydaş sözüni ulanýarys. Men rakyp sözüni hem teklip edýärin. Şeýle:
bäsdeş: ligada çykyş edýän we biz bilen bäsleşýän islendik kluby ýaňzytmak üçin ulanylyp bilinjek söz.
rakyp: Liganyň belli bir tapgyrynda duşuşmaly bäsdeşimizi görkezmek üçin ulanylyp bilinjek termin,
Mysal üçin: Chess.com Dünýä ligasyndaky bäsdeşlerimiz Koreýa, Ysraýyl, Indoneziýa we Uruguaý. Birinji tapgyrdaky rakybymyz Uruguaý.
Garşydaş sözi hem boljak rakyp sözüniň ýerine. Haýsysyny saýlaýaňyz?
[01/03/18 UPDATE: Has modern we ulanyşly bolan garşydaş sözüni ulandyk.]
29. Sahap täzeligi: "Front page news" ýa-da "Cover news" ýa-da Türk dilindäki "önsayfa haberi" ýaly terminlere derek ulanylyp bilinjke Türkmençe söz. Sahap sözi "kitabyň, depderiň we ş.m daşky örtügi" diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, "Sahap täzeligi" diýemizde Habar žurnallarynyň we ş.m daşky sahypasynda görkezilýän frontpage news terminini aňladyp biljek Türkmençe söz bolar sahap täzeligi. Sahap sözüniň kesgitlemesi:
"Kitabyň, depderiň we ş. m. galyň kagyzdan, kartondan edilen daşy, jilt."
Sahap täzeligi diýip özümiz bir termin döredäýeris, edebiýata gelişmänem durjak däl.
[01/03/2018 UPDATE: Agzalarymyzdan mag muhtar agza bu söze derek Başsahap täzelikler sözüni teklip etdi. Başsahap täzelikler temrini hem teklipler arasynda.]
UPDATE (28/02/2018 00:51 AŞGABAT WAGTY)
30. Fail - paşmazlyk: Käte başa barmady hem diýdik, paşmazlyk könelişen söz. Bir zady amala aşyrýarkaň üstünlikli tamamlanmazlygy, netijä ýetilmezligine paşmady diýilýär. Paşdy diýip üstünlikli netijelenen ýagdaýa diýilýär.
31. Please - towakga edýäris: Saýtda käte "Sorry. Nothing found. Please do ...." ýaly ýerler bar, haýyş edýäris manysynda, käbir ýerlerde please'i terjime etmeýäris. Meselem:
"Failed to connect. Please try again" diýlende "Baglanma paşmady. gaýta baglanyň" diýýäs, bu ýerde haýyş sözi bolmasa hem gödek ýa-da buýruk şeklinde eşidilinek saýtyň mesažy.
Käbir ýagdaýlarda bolsa please-i terjime etmesek gödek eşidilýär. Meselem: "No club found. Please add clubs to the league." diýleni "K;ub tapylmady, klub goşuň" diýsek buýruk berýän ýaly eşidiljek. Şeýle ýagdaýlarda maslahat berýän ýaly edilýän haýyş formasy bolan "towakga etmek" işligini ulanýarys. Towakga etmek diýmek ne hä buýrukdyr ne-de talapdyr, siziň özüňiz üçin edilmeli zady size buýruk bermezden maslahat bermek ýaly ýagdaýa aýdylýar towakga etmek diýip. Men düşündirmäm paşmadyk bolsa Türkmen dilini has gowy bilýänlere ýüzlenmegiňizi towakga edýärin.
UPDATE:
Grandmaster, Fide master ýaly FIDE tarapyndan berilýän küşt titullaryny Türkmençä Türkmenistanly Fide Ussady Babageldi Annaberdiýewiň görkezmeleri boýunça geçirdik. Onuň görkezmesi boýunça beýle titullar Türkmençede şeýle:
Grandmaster - Grossmeýster
International Master - Halkara sport ussady
Fide Master - Fideniň sport ussady
FIDE Candidate master - Sport ussatlygyna dalaşgär
Woman Grandmaster - ZenanLAR GrossmeýsterI
Woman International Master - Zenanlar Halkara beýik ussady ýa-da halkara zenan grossmeýster. Saýtda biz Halkara Zenan grossmeýster sözüni ulandyk
Rapid, blitz sözlerini hem Türkmenistanly Fideniň ussady Babageldi Annaberdiýew görkezmeleri bilen terjime etdik. Onuň aýdyşyna görä Rapid küşte çalt küşt, blitz küşte çalasyn küşt diýilýän eken Türkmençede we bizem bulary şeýle terjime etdik,
Çalasyn küşt 5 minuda çenli bolan wagty dolandyrmasy, rapid küşt bolsa 30 - 45 minuda çenli bolan wagt dolandyryşygy.
(BELLIK: Eger bu ýere terjimedäki haýsydyr bir sözüň düşündirişini gözläp gelen bolsaňyz Çtrl+f4 arkaly göni sözi gözletmegiňizi maslahat berýän, bu ýazgy uzyndyr sebäbi düşündirişli söz köp we olaryň hersiniň kesgitlemesi uzyn. Bu taýda ulanyljak sözleriň kesgitlemesini "Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň korrespondent-çleni M. Ý. Hamzaýew, filologia ylymlarynyň kandidatlary S. Altaýew, G. Ataýew, G. Açylowa, W. Mesgudow we ylmy işgär A. Meretgeldiýew." tarapyndan düzülen Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden alyndy. Bu sözlügiň elektron görnüşi bolan enedilim.com saýty seredip bilersiňiz sözleri tassyklamak isleseňiz.)
Chess.comy 2 3 adam bolup uzak wagt dowamynda terjime etdik. Hiç birimiziňem professional işi däl bu, diňe boş wagtlarymyzy sarp etdik we özem diňe sözlemleri görüp terjime etdik, olaryň saýtyň niresinde nähili ulanyljakdygy barada maglumatymyz ýok diýen ýalydy. Netijede biri birine gabat gelmeýän terjimeler ýüze çykan bolup biler, düşnüksiz terjimeler hem bolan bolup biler. Şeýle problemalary ýazmagyňyz we ulanan üýtgeşik terjimelerimize düşünmegiňiz üçin bu blogy ýazýan.
Çess.kom saýtyny terjime edýärkäm mümkin boldukça türkmençe sözleri ulanjak boldum, terjime edýärkäk ähmiýet beren 2-nji kriteriam mümkin boldukça gysga we ulanmaga amatly we düşnükli bolmagy. Saýtyň Türkmençesi 5-nji gün açylar, onsoň barlap görüp ýalňyşlyklary bildirseňiz düzelderis. Häzir aşakda gabat gelip biljek geňlikleri belläp geçeýin, iňlis dilindäki wersiýa bilen deňeşdirilip mysal bererin:
1. Edit - özgert: Edit sözüni "üýtget: diýip terjime etseler hem men "özgert" wariantyny saýladym. Özgertmek işliginiň manysyny şeýle berýär Türkmen dili sözlügi:
Ozalky bolşumdan başga hala geçirmek, owalky bolşundan üýtgetmek, üýtgeşiklik girizmek.
Edit profile, edit blog diýilende "blogy üýtget" diýmekden "blogy özgert" diýmegi has makul gördük sebäbi blogy/profili edit edemizde öňki durkyndan başga durka geçirýäs, käbir ýerine üýtgeşme girizýäs we bu hadysanyň ady Türkmen dilinde "özgertmek"dir
2. Seek (game we ş.m) - Işlik hökmünde gelen ýerlerde agtarmak diýleni saýladyk. Agtarmagyň manysy şeýle:
Birini ýa-da bir zady tapmak üçin gözlemek; döwüşdirmek, sermeşdirmek.
A:t hökmünde gelende "gözleg" diýmegi makul bildik. Ýöne aýdyşym ýaly, ähli ýerde durnukly däldir terjime, käte gözle diýibem terjime edildi, düzelderis.
3. Post - neşir : Post at hökmünde gelende iňlis dilindäki manysy boýunça saýta ýazylan makala, bir makala garaýyş bildiren teswiriň we ş.m ählisini öz içine alýar, şuny gözöňünde tutup muňa derek Türkmen dilinde neşir diýmegi makul bildik. Neşir sözüniň manysy:
Metbugatda çap edilýän eser.
Elbetde saýt metbugat däl diýlip biliner emma makala, blog, bloga teswir ählisi neşir sözüniň kesgitlemesine deň gelýändigini gözöňünde tutup Post sözüne derek neşir sözüni ulanmagy makul bildik. Şeýlelikde, saýtyň iňlisçe wersiýasynda "user's posts" ýaly ýerlerde saýtyň türkmençe wersiýasynda "agzanyň neşirleri" ýaly ýazga durar.
4. To delete - öçürmek : Soňky ýyllarda "pozmak" diýip ulanylýanam bolsa delete sözüniň türkemnçesi "öçürmek, bozmak" diýilen ajapsozlukde, pozmak işligi hem berilen ajapsozlukde emma Türkmen diliniň dürli ýyllardaky we dürli babatdaky sözlükleriniň hiç birinde "pozmak" işligi ýokdyr, pozmak işligi "bozmak" işliginiň ýoýulan wersiýasydyr (dört sözine tört diýmekleri ýaly), şu sebäpden öçürmek sözüni saýlap aldyk. Näme üçin bozmak däl? Bozmak sözi şol bir wagtyň özünde "işläp duran zady işlemejek ýagdaýa salmak" ýaly manysy hem bar we şeýle garyşyklyk bolmazlygyndan gaça durmak üçin "öçürmek = to delete" diýip aldyk.
5. Çhallenge : Bu sözüň göni Türkmençesi bir könelişen sözdür. Bu sözi nähili terjime edendigimiz ýazgynyň ortalarynda. Şu blogdaky 23-nji düşündirişe seret, şo ýerde giňişleýin düşündirilen.
6. Coach: Tälimçi. Düşündiriş gerek däl bolsa gerek.
7. Piece - çöp: Iňlis dilinde küştde goşunuň bir bölegi hökmünde çykyş edýän zatlara berilen at. Ilki bada Türkmençe wikipedia seredip bu sözi "mal" diýip terjime edenem bolsak Aziada2017 saýtynda "küşt çöpleri" diýlip ýazylandygy üçin çöp diýilenleri tassykladym.
Küşt çöpleri iki topara bölünip, olar iki sany dürli reňkden ybarat bolýar – gara we ak. Her oýunçyda 16 çöp bolup, olaryň 8 sanysy “pyýada”, 2-si “at”, 2-si “pil”, 2-si “ruh”, 1-i “perzi” we 1-i “şa” çöpleridir.
8. Rated/Unrated - baha berilýän/berilmeýän : Ballandyrylan/ballandyrylmaýan (bal berilýän/berilmeýän) diýibem bolar. Çekeleşige açyk
9. TOP - naýbaşy (käte öňdebaryjy): Top sözi iki görnüşde duş gelýär saýtyň iňlisçesinde: 1. ýokary hilli 2. iň öňde barýan. Naýbaşy diýip terjime eden ýagdaýlarymyz: bir zadyň ýokary hillidigini beýan edýän halatynda Türkmençä "naýbaşy" diýip terjime etdik. Meselem: Top wideos diýleni ýokary hilli küşt wideolary manysyny bermegi üçin naýbaşy wideolar diýdik.
Haýsydyr bir sanawdaky iň ýokary basgançaklary eýelänleri beýan edýän ýagdaýynda bolsa "öňdebaryjy" diýip terjime etdik, meselem top 2 grandmasters diýleni öňdebaryjy 2 grosmeýster diýip terjime etdik.
10. Endgame - oýunahyry : Oýunsoňy diýibem bolardy, oýunahyry diýmegi makul bildik ahyr diýlende adam aňyna belli bir periad gelýändigi sebäpli. Soňy diýilse ýüze çykan netije gözöňüňe gelýär, şu sebäpden oýunahyry diýmegi makul bildik
11. Email - email : e-poçta diýibem terjime edilen ýerler bar. Düşnüklidirle haýsam bolsa
12. engine - motor: Maşynka ýa-da motor diýip terjime edip bolar. Motor diýleni saýladyk.
13. Access -ejaza: Ygtyýar diýibem terjime edip bolardy, ejaza diýmek bir ýere girmäge ýa-da birzat etmäge rugsatly bolmak ýagdaýyna aýdylýar. Könelişen söz. Ygtyýar diýmekden ejaza diýmek has ýakymly görünýär)) şu sebäpden saýladym ejazany.
14. Blunder - säwlik: uly ýalňyşlyk diýenden säwlik diýmegi makul gördüm.
16. Göz gezdirmek/ser salmak : Iňlisçedäki eksplore/wiew ýaly söze derek ulanyldy
17. Random - çem gelen: Her bir duş gelen, gabat gelen diýen manysy bar çem geleniň. Random sözüne laýyk bu kesgitleme.
18. App - goýma: Android telefonyň Türkmençesinde appler goýma diýip terjime edilen, menem şeýle dowam etdim
19. wezirtarap/şatarap : Kingside diýleni şa tarapyna diýip oturmadymda gysgaldyp şatarap diýäýdim. Meselem: şatarap rakirowka diýdim şa tarapyna rakirowka diýmek ýerine.
Başgada meňzeş ýagdaýlar bolsa update ederin
UPDATE:
20. to disable - beklemek : diýip terjime edýän haçan-da iňlis dilinde disbale sözi "disable çlub" ýaly klubdan gelýän habarlary duruz manysyny berende. Beklemek söziniň kesgitlemesi şeýle: "Ýapmak, baglamak, gulplamak.
Öňüni böwetlemek, böwet basmak, baglamak.
Ýoluny, öňüni tutmak, gabat bolmak."
şeýlelikde disable sözne gabat gelýär. Kluby beklämizde ondan geljek bildirişleriň öňüni tutýas, böwet basýas.
21. Auto-verb - awto-işlik : Auto-resign, auto-abort ýaly işlikler bar iňlisçe äppde. Bular "hiç hili görkezme bolmazdan, hiç hili razylyk alynmazdan göni oýun çekilmek (auto-resign) ýa-da oýuny başlamanka abort etmek" ýaly manylary bar. Awtomatiki usulda oýundan çekil ýaly uzyn terjimä derek bizem göni awto-çekil ýa-da awto-abort diýip terjime etdik.
UPDATE:
22. Increment - Gatanç: Iňlis küşt edebiýatyndaky "Increment" sözi belli bir küşt oýunyna berilen asyl wagtdan daşary her göçüm soňrasynda goşulýan kesgitli wagt mukdaryny aňladýar. Ýagny, "Increment 2 seconds" diýilmegi her bir göçüm üçin 2 sekunt goşulmagydyr. Türkmen dilindäki gatanç sözi bar bolan bir zadyň üstüne goşant goşmakdyr, şu sebäpden Increment sözüne derek Türkmen dilinde gatanç diýmegi makul bildik. halk arasynda gatan. sözüniň orsçasy bolan rus dilindäki "dobawka" sözi has giňden ýaýran.
23. Challenge: sözüniň manysyny iňlisçe bilýänler bilýändir, iňlisçe bilmeýänler üçin düşündireli: Kimdir birini nämedir bir zatda "dawaý, özüňe göwnüň ýetýän bolsa gel ikimiz göreşeli şu meselede" diýip duele çagyrmak. Türkçesi "meýdan okumak." Muny Modern Türkmençä belli bir söz bilen geçirmek kyn, meselem "X challenged his title" diýleninde "X onuň titulyny duele çagyrdy" diýip bolmaýar.
Men bir könelişen sözi teklip edýän bu sözüň terjime hökmünde: "ERIŞMEK"
Erişmek sözüniň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com: "Biriniň garşysyna çykmak, birine hüjüm etmek."
2 sany mysal şol saýtdan:
"
Indi özümize erşip başlady. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy)
Onsoň hem kim bolupmyş ol, Meredow diýilýän, maňa erşer ýaly? («Sowet edebiýaty» žurnaly)
"
Ikinji mysala üns beriň, erişmek sözi iňlisçedäki çhallenge sözüne gabat gelýän ýaly. Erişmek sözüni çhallenge sözüne derek ähli kontekstde ulanyp bolsa gerek. Mysallar:
"I challenge your title: Men seniň titulyňa erişýän." Munuň manysy men seni titulyň üçin göreşe çagyrýaryn diýmek bolar.
"Challenge him into a daily match - Oňa günlük duşuşykda eriş." Bu diýmek ony günlük duşuşykda göreşe çagyr.
"Challenge Baya11 - Baya11 agza eriş." Baya11 agzany oýuna çagyr.
"List of Challenges - Erişimler sanawy." Size gelen ýa-da sizden giden erişimler sanawyny görkezmäge ulanylyp biliner.
"Challenger - Erişiji." Meselem şu taýda "çagyryjy" ýa-da duele çagyryjy diýseň gaty gelşiksiz.
"Challenger club - Erişiji/erişýän klub." Şu kontekstdäki "Çhallenger klub" aňlatmasy sizi belli bir oýunda göreşe çagyrýan kluby aňlatmak üiçn ulanylýar. "Çakylyk iberen klub" diýilse sizi belli bir çempionatda çykyş etmäge, belli bir hadysa, belli bir maslahata çagyrýan klub manysyny hem berip biler. Eger-de bizi göreşe çagyrýan bolsa erişiji diýleni ulanmak, eger bizi dünýä ligasyna we ş.m. çagyrýan bolsa çakylyk iberen klub diýmek has jaýdar bolar, ýagdaýy has aýdyň beýan eder.
"Magnus Carlsen is a reigning title holder and Sergey Karjakin is a title challenger - Magnus Karlsen höküm sürýän titul eýesi we Sergeý Karýakin titula erişiji" - Şu taýda "çhallenger" sözüne derek "çagyryjy," "duele çagyryjy" ýa-da "çakylyk iberen" ýaly sözleri ulanyp bolmaz. "Sergeý Karjakin titul çagyryjysy" diýip bolmaz. Dalaşgär diýip bolar emma dalaşgär sözi "candidate" sözüne derek ulanylar.
Muňa derek günümiz Türkmençesindäki çagyr ýa-da çakylyk sözlerine derek näme üçin erişmegi saýlaly diýýän bolmagyňyz mümkin. Birnäçe sebäp bar:
1. Bu sözleri käbir ýerde gabat gelýär, käbir ýerde gabat gelenok.
2. Çakylyk sözüniň asyl manysy her hili çagyryşy öz içine alýar. Dostlukly çagyryşy hem, bir ýere gatnaşmaga bolan çagyryşy hem öz içine alýar. Erişim/erişmek bolsa gönüden göni Challenge sözüniň manydaşy.
3. Çakylyk sözüni at hökmünde ulanmak amatsyz. "Challenger" diýen ýere "Çakylyk iberen" diýmekden "erişiji" diýsek has gowy dälmi?
4. Çakylyk sözi asyl deregi "Invitation" sözüniň terjimesi. "Invitation" we "Challenge" sözleri biri-birinden tapawutlydyr, şu sebäpden "Invitation" sözüne derek "Çakylyk" sözüni ulanmak we at hökmündäki "Challenge" sözüne derek erişim sözüni ulanmak has jaýdar görünýär. "Invite" işligine derek "çakylyk ibermek / çagyrmak" diýmek, "Challenge" işligine derek bolsa "erişmek" işligini ulanmak has jaýdar görünýär.
Ýokarda sanap geçen sebäplerimden men özüm indiden beýläk iňlisçedäki "Challenge" işligini Türkmençä "erişmek" diýip terjime etmegi makul görýän. Siz näme diýýäňiz?
Könelişen söz elbetde emma wagtyň geçmegi bilen bu söz janlanar, dil baýlygymyz artar.
____________________________________________________________________________________________________________
24. Prevent - Interfere: bu söz iňlis dilinde amala aşmak ähtimallygy bolan ýa-da eýýämden amala aşýan, herekete başlan bir ýagdaýy ýerine ýetmezligi maksatly duruzmak ýa-da düýbünden ýok etmek maksatly edilýän herekete aýdylýar. Meselem küştde garşydaşyňyz size hüjüm edýär, ol sizi mat etmezligini duruzmak üçin edýän hereketleriňize iňlis dilinde "prevent" diýiler.
Terjime sözlükler bu sözi "öňüni almak" diýip terjime edýär. http://terjime.com/?gozle=prevent we http://www.ajapsozluk.com/dictionary/english-turkmen/prevent
Her iki sözlük hem bu sözi "öňüni almak" diýip terjime edýär. Öňüni almak sözüniň özi bir kesgitleme. Muňa derek men könelişen söz bolan we häzirki wagtda o diýen ulanylmaýan "Gabzamak" işligini teklip edýärin. Gabzamagyň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Bolýan hereketiň, ýagdaýyň öňüni almak, päsgel bermek, hereketiň amala aşmagyna bökdenç bolmak, düýrüp almak."
Modern söz barka könesi nämä gerek diýýän bolmagyňyz mümkin. "Öňüni almak" işligini ulanmak käbir ýagdaýlarda amatsyz bolýar.
"Preventing tactics" diýlenini "Öňüni alyjy taktikalar" ýa-da "Öňüni almak taktikalar" diýip ulanandan "Gabzaýjy taktikalar" diýsek has jaýdar.
"Preventing mate" diýleni "matyň öňüni almak" diýsek hem bolar ýöne "Maty gabzamak" diýmek has jaýdar görünýär.
Öňüni almak işligini at hökmünde ulanyp bolanok, kategoriýalara at berip bolanok bu söz bilen emma gabzamak işligini at hökmünde hem ulanyp bileris.
Şu sebäplerden men "öňüni almak" işligine derek "gabzamak" işligini ulanmagy has jaýdar görýän. Bu sözler nätanyş diýmäň, hawa nätanyş emma bu sözler janlanar, gaýtadan ulanyşa giriziler bu sözleri biz ulanyp başlasak. Siz näme diýýäňiz?
UPDATE 06/03/2018 Aşgabat wagty bilen 00:56: Interfere sözüne derek Gabzamak sözüni ulandyk terjimede.
_____________________________________________________________________________________________________________
25. Increment - Gatanç: Increment sözi iňlisçede küştde asyl berilen wagyňa we galan wagtyňa her göçüm üçin üstüne goşulýan wagt mukdaryny aňladýar. Biz muny "goşundy" diýip terjime edipdik. Özümiz at ýasapdyk. Bu söze tüýs manydaş söz bar Türkmen dilinde. Gatanç sözi. Bu sözüň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Üstüni ýetirmek üçin goşmaça zat, goşant.
Saňa toý gatanjy diýip, öz ýanymda iki sany goýun bilen bir düýe bugdaý niýetläp goýupdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gurplurak adamlar tapdygyndan gatanç diýip, kimsi dowar, kimsi öküzçe eltdiler. («Görogly» eposy)"
Ýagny, gatanç sözi gönüden iňlisçedäki increment sözüniň Türkmençesi bolup durýar. Owaldan bar bolan bir zadyň üstüne goşmak. Goşundy sözüniň kesgitlemesi ýok, ony biz özümiz döretdik we goşundy diýilse adamyň kellesine göni "owaldan bar bolan mukdaryň üstüne goşulan mukdar" gelmän başga hili goşma ahwalatlary hem gelip biler.
Şu sebäpden häzir ulanyşda bolan "goşundy" sözüni saýtyň terjimesinden aýyryp ýerine "gatanç" sözüni goýmagy makyl görýän. Siz näme diýýäňiz?
____________________________________________________________________________________________________________
26. Bullet küşt: 1 minut wagt dolandyrmaly oýnalýan küşt oýnuna iňlisçede "Bullet küşt" diýilýär. Bullet sözüniň özi "ok" diýmegi aňladýar. Ok ýaly çalasyn oýnalýan küşt manysynda Bullet küşt diýýärler. Türkmençede "ok küşt/küşti" diýsek hä bolmaz. Muňa derek men könelişen bir sözi teklip edýärin: "Garsa küşt." Garsa sözüniň kesgitlemesini şeýle berýär enedilim.com:
"Birden, çalt, tiz, birdenkä.
Çopanlaryna-da pitiwa etmän ony garsa gujaklamak isledim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)"
Garsa sözi iňlis-dilindäki instant sözüne terjime bolup biljek söz. "Salymly" ýaly manysy bar, türkçedäki "anlık" sözi ýaly. Mümkin bolan iň kiçi wagt aralygyndaky salymda bolup geçen hereketi aňladýar garsa sözi. Şu kesgitlemäni gözöňünde tutup men "Bullet küşt" diýilenini "Garsa küşt" diýmegi jaýdar görýärin we muny teklip edýärin. Sizler nähili görýäňiz?
06/03/2018 Aşg. wagty bilen 00:58 UPDATE: Saýtyň terjimesinde ulanyp biljek sözlerimizi maslahatlaşalyň mowzugynyň 8-nji teswirinde Aşgabat2017 Aziýa sport oýunlary websaýtynyň Türkmençe sahypasyndan edilen sitate salgylanyp Rapid/Blitz/Bullet sözlerini terjime etmezlik kararyna bardyk. Has giňişleýin maglumat üçin 8-nji teswire seretmegiňizi towakga edýärin!
_____________________________________________________________________________________________________________
27. expect - oslamak: Expect sözi iňlisçede "belli bir zadyň bolmagyny çaklap,şo zadyň amala aşmagyna garaşmak" ýaly manysy bar. Garaşmak emma wagt sebäpli garaşmak däl-de bir zadyň boljakdygyny aňyp ýa-da çaklap şol ýagdaýyň ýüze çykmagyna, maý bermegine garaşmak. Ekspekt sözüni göni garaşmak diýsek hem bolman durmaz emma munuň üçin aýratyn bir sözümiz barka näme üçin başga bir many aňladýan sözi ulanaly? Garaşmak sözüni 2-3 many aňladyp bilýän söz hökmünde ulanaly? Oslamak sözüni şeýle kesgitleýär enedilim saýty:
"Bir zady güman etmek, çak etmek, garaşmak.
Gözi ýer görmeýän haramzadalardan her zat oslamak boljak. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)"
Goý degme sözlerimiz ulanyşdan galmasyn, janlansyn ölüp barýan sözlerimiz.
_____________________________________________________________________________________________________________
Häzirlikçe şular, sizler näme diýýäňiz bu tekliplere?
Esasanam garsa küşt we erişmek sözleri bize köp zat gazandyryp biler.
Siziň özüňiziňem şeýle bilýän köne sözleriňiz bar bolsa aýdyberiň, olaram gözden geçireli agzalar bolup. Şiwe sözi hem bolsa çekinmäň, belki köne Türkmençede bardyr.
UPDATE:
28. Opponent - rakyp: Türkçedäki "rakip" sözi ýaly. Rakyp sözüniň kesgitlemesini "bäsdeş, duşman" diýip görkezýär enedilim saýty. Häzir biz garşydaş sözüni ulanýarys. Men rakyp sözüni hem teklip edýärin. Şeýle:
bäsdeş: ligada çykyş edýän we biz bilen bäsleşýän islendik kluby ýaňzytmak üçin ulanylyp bilinjek söz.
rakyp: Liganyň belli bir tapgyrynda duşuşmaly bäsdeşimizi görkezmek üçin ulanylyp bilinjek termin,
Mysal üçin: Chess.com Dünýä ligasyndaky bäsdeşlerimiz Koreýa, Ysraýyl, Indoneziýa we Uruguaý. Birinji tapgyrdaky rakybymyz Uruguaý.
Garşydaş sözi hem boljak rakyp sözüniň ýerine. Haýsysyny saýlaýaňyz?
[01/03/18 UPDATE: Has modern we ulanyşly bolan garşydaş sözüni ulandyk.]
___________________________________________________________________________________________________________